Almaty, 2026-njy ýylyň 4-nji maýy - LG Electronics (LG) dünýäniň öňdebaryjy senagat dizaýny baýraklarynyň biri bolan «Red Dot Design Award 2026» baýragynda jemi 27 sany sylaga, şol sanda iň abraýly «Best of the Best» baýragyna mynasyp boldy. Dizaýn pudagyndaky liderligini tassyklan bu netije, LG-niň 26 sany baýrak alan «iF Design Award 2026» bäsleşigindäki üstünliginiň dowamy boldy.
Bu ýylky «Red Dot Design Award» baýragynyň çäklerinde abraýly «Best of the Best» baýragyna mynasyp bolan LG OLED evo W6 Wallpaper TV telewizory, kompaniýanyň özboluşly True Wireless¹ tehnologiýasyny meşhur Wallpaper dizaýny bilen utgaşdyrýar.
Täze model takmynan 9 mm² galyňlykdaky örän inçe displeýi bilen tapawutlanýar, munuň netijesinde ol diwar bilen bütewi bir bitewilik döredýär. Esasy bölekler, şol sanda iýmitlendiriş blogy we dinamikler göni ekranyň içine ýerleşdirilendir. Ähli daşky enjamlaryň birikdirilýän aýrybaşga Zero Connect Box blogyny bolsa 10 metre çenli aralykda goýup bolýar, bu bolsa giňişligiň tertipli we durnukly görünmegini üpjün edýär.
Simsyz birikme mümkinçiliklerini ösdürmek bilen, LG şeýle hem TÜV Rheinland True Wireless Lossless Vision³ sertifikatyny aldy. Bu sertifikat simsyz signal geçirilişinde şekiliň ýokary hiliniň hiç hili wizual ýitgisiz saklanylýandygyny tassyklaýar.
Wallpaper TV-den başga-da, LG-niň bitewi, oýlanyşykly dizaýny we ulanyş amatlylygyny sazlaşykly utgaşdyrýan beýleki enjamlarynyň giň toplumy hem ýokary baha aldy.
Ýeňijileriň arasynda: gurnamagyň has amatly bolmagyny we giňişlige bütewi utgaşmagyny üpjün edýän Zero Clearance™⁴ petleler ulgamly French door görnüşli sowadyjy; nepis minimalistik dizaýnly LG Whisen Objet Collection Cool kondisioneri; şeýle hem goşmaça çylşyrymly sazlamalarsyz kinoteatr sesini üpjün edip, Dolby Atmos göwrümli sesini ulanyjynyň islegine we otagyň aýratynlyklaryna görä awtomatiki uýgunlaşdyrýan LG Sound Suite modully öý audio ulgamy bar.
LG-niň dizaýn babatdaky bäsdeşlik ukyby, kompaniýanyň geljegi uly bolan ugurlaryndaky innowasion çözgütleri arkaly hem nygtaldy.
Ulanyjylara gündelik öý işlerinde kömek etmäge, adamyň sesini we hereketlerini tanamaga, şeýle hem dürli «ýüz keşbi» arkaly duýgularyny beýan etmäge ukyply bolan LG CLOiD öý roboty hem baýraga mynasyp boldy.
LG Therma V™ (AWHP) ýylylyk nasosynyň içerki bloklary — Control, Hydro we Combi — sazlaşykly dizaýny we diagonaly 6,8 dýuým bolan, düşünmesi aňsat reňkli sensor interfeýsi üçin hem ýokary baha aldy. Bu çözgütler oýlanyşykly dizaýny we amatly dolandyryşy özünde jemläp, öýüň netijeli ýyladylmagyny hem-de gyzgyn suw bilen üpjün edilmegini amala aşyrýar.
Mundan başga-da, ABŞ-nyň Çikago şäherindäki SKS şourumy giňişligiň premial dizaýny üçin aýratyn baýrak bilen bellenilip geçildi.
Ýokary baha berlen beýleki önümleriň hatarynda xboom akustik ulgamlary, UltraGear oýun monitorlary we LG gram noutbuklary bar.
«Biz ýaşaýyş giňişligine tebigy usulda utgaşýan we gündelik ulanyşda amatlylygy ýokarlandyrýan, ulanyjylara gönükdirilen dizaýn çözgütlerini döretmegi dowam ederis» — diýip, LG Electronics kompaniýasynyň Korporatiw dizaýn merkeziniň (Corporate Design Center) ýolbaşçysy Jung Wook-jun руководитель отделения Corporate Design Center LG Electronics.
1 Simsyz OLED telewizory diýlip, Zero Connect blogy bilen ekranyň arasyndaky baglanyşyga düşünilýär. Wizual ýitgisiz — ISO/IEC 29170-2 standartyna laýyklykda geçirilen içerki synaglaryň maglumatlaryna görä; hakyky görkezijiler birikdirme şertlerine baglylykda üýtgäp biler.
2 Hakyky galyňlygy 9,95 mm bolup, ölçeg şertlerine baglylykda ujypsyzja üýtgäp biler.
3 Wizual ýitgisiz — ISO/IEC 29170-2 standartyna laýyklykda geçirilen TÜV Rheinland sertifikasiýa synaglarynyň netijelerine görä. Hakyky görkezijiler we öndürijilik birikmäniň ýagdaýyna hem-de ulanyş şertlerine baglylykda üýtgäp biler.
4 Has oňaýly işlemek üçin LG sowadyjynyň gapdal diwarlary bilen diwaryň arasynda 0,16 dýuým (4 mm) boşluk goýmagy maslahat berýär.